ŞATLYKLY HABAR
Ýakynda Hazarýaka döwletleriniň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasynyň Direktory Ý.Pimenowdan Institutymyzyň Rektory P.Orazowyň adyna hat gelip gowuşdy.
Hatda Assosiasiýanyň Baş Assambleýasynyň 25-nji ýubileý maslahatynyň geçirilendigi we institutymyzyň agzalyga kabul edilendigini habar bermeklige şatdygy barada aýdylýar. Hoş habar institutymyzda şatlykly kabul edildi we täze üstünliklere ruhlandyrdy.
Ýeri gelende bellesek, Hazarýaka döwletleriniň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasy 1996-njy ýylda döredildi. Assosiasiýanyň agzalygyna Hazar sebitiniň ýurtlary: Russiýa, Eýran, Gazagystan, Azerbaýjan, Türkmenistan ýaly döwletlerden 55 uniwersitet we gözleg edaralary degişlidir. Assosiasiýanyň çäginde uniwersitet biliminiň bitewi ulgamyny ösdürmek, Hazar deňziniň ekologiýasyny, balyk ösdürip ýetişdirmegi, Hazar sebitiniň halklarynyň taryhyny we hukuk meselelerini öwrenmek, Hazar döwletleriniň daşky gurşawy goramak ugrunda işler alnyp barylýar.