img

EDEPLI ILE ÝARAR

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda talyp ýaşlarynyň arasynda hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek hem-de internet ulgamyny okuw maksatly ulanmak we kanunbozulmalaryň öňüni almak maksady bilen geçiridi.

Täsirli geçen wagyz-nesihat duşuşygyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýolbaşçylary, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyş edenler talyp ýaşlar sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik tertip-düzgünini berjaý etmek, ekologiýa, tebigata aýawly garaýşy güýçlendirmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, internet ulgamyny diňe okuw maksatly peýdalanmak, gadagan edilen saýtlara (TikTok, YouTube, Instagram we ş.m.) girmezlik, audio-wideo we beýleki görnüşler arkaly berilýän maglumatlardan ägä bolmak we olardan täsirlenip, m illilige gabat gelmeýän hereketlere ýykgyn etmezlikleri, hususy awtoulaglaryny dolandyrmazlyklary we köçe-ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmekleri dogrusynda täsirli gürrüňleri berdiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar