img

ÄNEW – GADYMY MEDENIÝETIŇ OJAGY

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda Türkmenistanda ýaşlar syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlary watansöýüji, giň dünýä garaýyşly, päk ahlakly edip ýetişdirmek we gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýaşlarda milli mirasymyza söýgi döretmek, taryhy ýadygärliklerimiziň gymmatyny wagyz etmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda “Änew – gadymy medeniýetiň ojagy” atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Zylaýha Orazowa “Ahlak gözelligi – adamyň belent mertebesidir” temada çykyş etdi. Soňra Ekologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Orazdurdyýewa Ogulbagt “Ylymly-bilimli watansöýüji ýaşlar – bagtyýar gelejegiň kepilidir” atly temada, “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Kümüş Allabaýewa “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ýörelgelerinden ugur alyp, talyp ýaşlarda Watana bolan söýgini, milli mirasymyza buýsanjy kemala getirmek – mukaddes borjumyzdyr” atly tema boýunça çykyş etdiler. Fizika kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Didar Hojamyradowyň Hormatly Prezidentimiziň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň taryhy ähmiýeti baradaky çykyşy, şeýle hem Senagat we raýat jaý gurluşygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Merdan Allakowyň “Änew – gadymy medeniýetiň ojagy” atly wideoşekilli çykyşy has täsirli boldy. Çykyş eden mugallymlar we talyp ýaşlar özleri üçin döredilýän giň möçberli mümkinçilikler üçin Mähriban Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny bildiridiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar