img

BUÝSANÇLY HABAR

Türkmen türgenleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň açyk çempionatyna gatnaşdylar we netijeli çykyş etmegi başardylar. Ýaryşa 5 döwletden 300-e golaý türgen gatnaşdy.

Ildeşlerimiz Walentina Meredowa, Ogulmaýsa Şageldiýewa, Enejan Esedowa hem-de Alsu Habibulina zenanlaryň 4x100m estafeta ylgawy boýunça bäsleşiginde kümüş medal gazandylar. Olar bellenen aralygy 48.55 sekuntda geçmegiň hötdesinden geldiler.

Türkmenistanyň ýygyndy topary Merkezi Aziýanyň çempionatynyň 4 medalyny (2 kümüş, 2 bürünç medal) gazandy. Olaryň arasynda Himiýa tehnologiýasy taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyp türgeni Alsu Habibulinanyň bolmagy professor-mugallymlarymyzy, talyp ýaşlarymyzy has-da buýsandyrdy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar