img

YLMY BÄSLEŞIK

Her ýylda ýurdumyzda Ylymlar güni giňden bellenilip geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir.

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlarynynyň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolan ýaşlaryň arasynda Institutymyzyň mugallymy Hojadurdy Hojadurdyýewiň, Ýol gurluşygy fakultetiniň Köprüler we ulag tonnelleri hünäriniň 4-nji ýyl talyby Süleýman Döwletowyň, Ýol gurluşygy fakultetiniň Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek hünäriniň 3-nji ýyl talyby Amanmyrat Ataýewiň bolmagy professor-mugallymlarymyzy wetalyp ýaşlarymyzy has hem buýsandyrdy.

Ýeri gelende bellesek ýaş mugallym H.Hojadurdyýew 2023-nji ýylda Ýaşlar baýragyny hem alypdy. Institutymyzda ata Watanymyza wepaly, ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işler geçirilýär. Ýaşlarymyz okuwda, ylymda, sportda uly üstünlikleri gazanýarlar. Okamaga, işlemäge, parahat durmuşda ýaşamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Habarlaşmak üçin maglumatlar