img

ZEHIN BÄSLEŞIGI

2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň inžener-tehniki ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň iňlis dilinde zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen bilelikde institutymyzyň zehinli ýaşlary hem gatnaşdylar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna wekilçilik eden talyplar topary final tapgyryna çenli çykyş edip, II orna mynasyp boldular.

Ýeňiji bolan toparymyzda Senagat we raýat jaý gurluşygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Yslam Saryjaýew, Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Emir Akgaýew, Himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalaryň maşynlary we apparatlary hünäriniň 4-nji ýyl talyby Selim Muhammetgulyýew, Senagat we raýat jaý gurluşygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Selbi Allanazarowa, Binagärlik gurşawynyň dizaýny hünäriniň 3-nji ýyl talyby Malika Çaryýewa ýaly zehinli talyplarymyz bar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar