img

AZIÝA UNIWERSITETLERINIŇ SANAWY

Golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Aziýa uniwersitetleriniň – Times Higher Education (THE) Asia University Ranking 2024 reýtingine «habarçy» derejesi bilen girdigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy.

Asia University Ranking uniwersitetleriň okatmak, ylmy barlaglary alyp barmak, bilimleri geçirmek, halkara derejesindäki mümkinçilikler ýaly esasy wezipeleri beýan edýän netijeliligiň görkezijileriniň 18-siniň esasynda THE britan guramasynyň halkara bilermenleri tarapyndan her ýylda düzülýär.

Biziň ýokary okuw mekdebimizden başgada ýurdumyzyň 10 sany ýokary bilim edarasy abraýly reýtingiň sanawyna girdi. Umuman, 2024-nji ýylyň reýting sanawyna 30-dan gowrak ýurtlardan Aziýa uniwersitetleriniň 1127-si girizildi.

Şeýle netijeler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň alyp barýan işleriniň üstünliklidigini görkezýär, olaryň kämillige we ösüşe, mümkinçiliklerini giňeltmäge bolan hemişelik ymtylmalaryna şaýatlyk edýär, şeýle hem ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna goşulmagy boýunça milli bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegine ýardam eder.

Habarlaşmak üçin maglumatlar