img

HYZMATDAŞLYGYŇ ÇÄGINDE

2024-nji ýylyň maý aýynda «Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen I.Razzakow adyndaky Gyrgyz döwlet tehniki uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» çäginde «Energetikanyň ösüşiniň geljegi» atly tapgyrlaýyn leksiýalar geçirildi. Institutyň talyplary üçin leksiýalaryň toplumyny I. Razzakow adyndaky Gyrgyz Tehniki Uniwersitetiniň Energetika Institutynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty Renat Bekturganowiç Tentiýew okady.

img

Şeýle kurslar, ilkinji nobatda, medeniýetler arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine we ylym-bilim pudagynda gatnaşyklaryň giňelmegine goşant goşýar. Ýaş alymlaryň, mugallymlaryň we okuwçylaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, bilimiň dürli ugurlarynda garaşsyz gözleglere gatnaşmak we täze hünärmenleri taýýarlamak üçin gymmatly mugallymçylyk tejribesini we hyzmatdaşlygy öz içine alýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar