img

ALTYN MEDAL

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň 2024-nji ýyl üçin Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 3-5-nji maýy aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde geçirilen Dzýudo boýunça Grand Slam halkara ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan 8 türgen, 1 lukman we 2 tälimçi gatnaşdy. Bu ýaryşda jemi 65 sany döwletden 390 türgen çykyş etdi. Ýygyndy toparynyň içinde biziň talybymyzyň hem bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.

Çekeleşikli geçirilen bäsleşiklerde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Rahimow Serdar 66 kg agramda çykyş edip, 1-nji tutluşykda Mongoliýa Respublikasynyň türgenini, 2-nji tutluşykda Kanadaly türgeni, 3-nji tutluşykda Täjigistan Respublikasynyň türgenini, 4-nji tutluşykda Özbegistan Respublikasynyň türgenini, Final tutluşykda Täjigistan Respublikasynyň türgenini ýeňip, 1-nji orun we altyn medala eýe bolýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar