img

ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY

2024-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bilim alýan talyplaryň ene-atalary bilen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň bilim almagynda, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde, durmuşda özlerine mynasyp orun tapmaklarynda ene-atalaryň hem-de mugallymlaryň ornuny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen «Perzent üçin terbiýeden gowy miras ýokdur» ady bilen ýygnak geçirildi.

Ýygnaga institutymyzyň rektory P.Orazowyň ýolbaşçylygynda, institutyň fakultetleriniň dekanlary, professor-mugallymlary, talyp ýaşlar we olaryň ene-atalary gatnaşdylar.

img

Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitabynda: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň gurujylary diýip garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip belleýändigini talyplaryň ünsüni çekip, olara bidirilýän ynam, tertip-düzgün, edep, ahlak barada öz ündewlerini beýan etdiler.

Ýygnagyň ahyrynda ene-atalara wagt tapyp gelendikleri üçin sagbolsunlar aýdyldy. Ýaşlara uly ynam bildirýän we okamaga, işlemäge, abadan durmuşda ýaşamaga ähli amatly şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez sagbolsunlar aýdylyp, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmaklary arzuw etdiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar