SAGLYGYŇ GADRYNY BILGIL
7-nji aprelde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.
Paýtagtyň günortasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan 3- nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi mynasybetli dikeldilen, Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özboluşly bezegi bolan «Welosiped» binasynyň ýanyndan başlanan Welosipedli ýörişe Institutymyzyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Institutymyzda hem aýdym sazly, sport görkezme çykyşlaryna beslenen dabara geçirildi. Talyp ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşlerinden görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen, ähli ýaşlarymyzyň sporta bolan höwesini has hem artdyrdylar.
Dabaranyň ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenmegi Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi dogrusynda alyp barýan işlerine, döredip berýän şertlerine jogap bolup duýuldy.