img

SPORTUŇ TÄZE GÖRNÜŞINDEN GAZANYLAN ÝEŇIŞ

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan 2024-nji ýylyň aprel aýynyň başynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar» atly sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlary geçirildi.

Ýurdumyzda Hormatly Gahryman Prezidentimiziň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde sportuň täze görnüşleri hem yzygiderli ösdürilýär. Ýaşlar sportuň dürli görnüşlerinden ýokary netije görkezýärler.

Institutymyzyň talyp türgenleri sportuň täze fijital görnüşi boýunça geçirilen bäsleşige işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Fijital-karate-do ýaryşynda Rustam Puhanow I orna, Muhammetnur Annamuhammedow III orna, fijital-stol tennis boýunça toparlaýyn ikinji orna mynasyp boldular.

Habarlaşmak üçin maglumatlar