img

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2024/2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebimize okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary üçin 2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde we 3-nji maýynda sagat 15:00-da “AÇYK GAPYLAR” gününi geçirýär

“Açyk gapylar” gününde bagtyýar ýaşlarymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze ýöriteleşdirilen okuw otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 28-18-53, 28-18-05

Habarlaşmak üçin maglumatlar