WAJYP MASLAHAT
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde “Halkara ylmy žurnallarda makalalary çap etmegiň tejribelerini paýlaşmak” atly tema boýunça on-line görnüşinde okuw-usuly maslahat geçirdI. Maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň gyzyklanma bildirýän professor-mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahatda institutymyzyň dosenti Ahmet Myradowiç Penjiýew çykyş etdi. Dosent halkara indeksirlenýän žurnallarda ylmy makalalary çap etmekde tejribesini paýlaşdy. Maslahatyň soňunda sorag-jogap alyşyldy. Maslahata gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza okamaga, işlemäge döredilen mümkinçiliker üçin sagbolsun aýtdylar.