img

TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Ýokary derejede geçirilen dabarada Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty Parahat Orazmuhammedowiç Orazow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Serdar Durdyýew, “Çyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasynyň uly mugallymy, “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy” Amangeldi Orazow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedow, “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň uly mugallymy Ogulbagt Orazdurdyýewa, Institutyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy, Önümçiligi awtomatlaşdyrmak kafedrasynyň müdiri Babajan Bekmurzaýew, “Göteriji-äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Resul Halmyradow çykyş etdiler.

Çykyş edenler dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny düýpli öwrenmegiň, aýawly saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygyny nygtaýan kitabyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdiler. Çykyşlarda «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň maddy medeniýetiň gymmatly ýadygärliklerini ulgamlaýyn toplamak, düýpli öwrenmek, halkymyza wagyz etmek babatda döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň aýdyň görkezijisidigi nygtalyp geçildi. Ýygnananlar milli däplerimize, gymmatlyklarymyza, halkymyzyň gadymy taryhyna we köptaraply medeniýetine goýýan çäksiz sarpasy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar