img

NETIJELI DUŞUŞYK

2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryny wagyz etmek, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de talyp ýaşlaryň arasynda tertip-düzgün we hukuk bozulmalar, ýangyn howupsyzlygy barada we ol howuplaryň ýuridiki jogapkärçiligini düşündirmek maksady bilen ýaşuly nesliň we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda “Adam we ahlak” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Institutyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Orazberdi Çaryýew alyp barmagynda geçirilen duşuşyga Institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty Parahat Orazmuhammedowiç Orazow, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy, zähmet weterany Çaryguly Ataýew, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap polisiýa müdirliginiň wekili, polisiýanyň kapitany Oguljan Gurbangulyýewa, Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 101-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň DÝGB-niň gözegçisi içerki gullugyň uly leýtenanty Gündogdy Hudaýberdiýew gatnaşdylar.

Çykyş edenler ýaşlarymyzyň ýokary ahlakly, ajaýyp döwrümize mynasyp ýaşlar bolmaklaryny sargyt etdiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar