img

INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynda kämil hünärmenleri taýýarlamak barada berýän tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň uly mugallymy Aýnur Goçakowa 2024-nji ýylyň 27-nji martynda “Ýol gurluşygynda ulanylýan täze innowasion tehnologiýalar” atly temadan onlaýn okuw-usulyýet maslahaty geçirdi.

Häzirki döwürde ýol gurluşygynda ulanylýan innowasiýa usullary gurluşygyň möhüm bölegi bolup netijede bolsa gurluşyk möhletiniň dowamlylygyny peseltmeklige we önümçiligiň hilini ýokarlandyrmaklyga kömek edýän köp sanly innowasion tehnologiýalara esaslanýar.

Bu geçirilen onlaýn okuw-usulyýet maslahatyna institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary şol sanda onlaýn görnüşinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi gatnaşdylar.

Onlaýn okuw-usulyýet maslahatynyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Prezidentimize ýaşlara ýokary derejede bilim almaklary üçin döredilip berilýän amatly şertler üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar