img

“BINAGÄRLIK – GURLUŞYKDA DÖREDILEN SUNGATDYR”

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly, Ylymlar güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 4-5-nji iýunynda “Binagärlik – gurluşykda döredilen sungatdyr” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirýär. Halkara maslahat Hormatly Prezidentimiziň zehinli ýaşlary ýüze çykarmak barada döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ugur alyp, döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ýiti zehinli we innowasion tehnologiýalardan kämil baş çykarýan başarjaň hünärmenleri täze döredijilikli ylmy işlere çekmek, binagärlik we dizaýn pudagynda ýaş alymlary ylmy-barlag işlerine höweslendirmek, şeýle-de daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we halkara tejribeleri paýlaşmak maksady bilen guralýar. Maslahat gatnaşmak we onlaýn (gibrid) tertibinde geçirilýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar