img

HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI ÜSTÜNLIK

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2024-nji ýylyň mart aýynyň 3-8-i aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda IV Açyk Halkara matematika olimpiadasyny geçirdi.

Halkara bäsleşiginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 5-nji ýyl talyby Kadyrberdi Annabaýew atlyn medal we I derejeli diplom, “Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Muhammetmyrat Goçmyradow kümüş medal we II derejeli diplom, “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Nagym Taňrygulyýew - kümüş medal we II derejeli diplom, Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek hünäriniň 1-nji ýyl talyby Ysmaýyl Annalyýew - kümüş medal we II derejeli diplom, Maglumat-ölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Döwletgeldi Çaryýew - bürünç medal we III derejeli diplom, Logistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby Batyr Öwezmyradow - bürünç medal we III derejeli diplom bilen sylaglandylar.

Şeýle hem düzüminde Kadyrberdi Annabaýew, Muhammetmyrat Goçmyradow, Nagym Taňrygulyýew, Döwletgeldi Çaryýew bolan topar, toparlaýyn bäsleşikde bürünç medal gazandylar we III derejeli diplom bilen sylaglandylar “Yokary matematika” kafedrasynyň müdiri S.Gylyjow talyplarymyzy ders bäsleşiklerine taýýarlady we ýokary netije görkezmeklerini gazandy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar