img

HALKARA OLIMPIADA

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2024-nji ýylyň 29-njy martynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, talyp ýaşlaryň bilimini has-da çuňlaşdyrmak, olarda bilime we ylma bolan höwesi artdyrmak, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlarda degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny üstünlikli amal etmek maksady bilen, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly “Materiallaryň garşylygy” dersinden III halkara Açyk internet olimpiadasyny geçirdi.

Olimpiada biziň institutymyz bilen bir hatarda Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň institutyndan, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyndan, Türkmenistanyň Serhet institutyndan, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyndan, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan, Türkmen döwlet maliýe institutyndan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyndan, Türkmen oba hojalyk institutyndan jemi 114 talyp, daşary ýurtlardan, ýagny Täjigistan Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Awstriýadan, Malaziýa döwletinden, Günorta Koreýa Respublikasyndan, Günorta Afrika Respublikasyndan, Uganda döwletinden, Ukrainadan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Italiýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Belarus Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan, Wengriýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýe Respublikasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan we Gazagystan Respublikasyndan jemi 386 talyp gatnaşdylar. Şeýlelikde, olimpiada jemi 500 talyp gatnaşdy. Jemleýji netijeleri tdbgi.edu.tm. web saýtynyň Olimpiadalar we ders bäsleşikleri bölüminden görüp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin maglumatlar