img

ŞATLYK-ŞOWHUNA, RUHUBELENTLIGE BESLENEN DABARA

2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baş binasynyň meýdançasynda ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyplaryň hem-de netijeli zähmet çekýän professor-mugallymlaryň gatnaşmaklarynda dabara geçirildi.

Aýdym-sazly dabara Institutymyzyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty P.Orazowyň çykyşy bilen başlandy. Rektor Döwlet we Prezident maksatnamalaryny, ýaşlara bilim bermekde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde institutda alnyp barylýan işler, ylym-bilimde, sportda gazanylan ýokary netijeler barada durup geçdi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolan talyplar we olary taýýarlan mugallymlar sylaglanyldy. Ylmy bäsleşiklerde we sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan talyplara hem sowgatlar gowşuryldy. Göreldeli zähmet çekýän professor-mugallymalar Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Dabaranyň ahyrynda okamaga, işlemäge, abadan durmuşda ýaşamaga ähli amatly şertleri döredýän Milli Liderimize, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdyldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar