img

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI – ÝAŞLARYŇ ÝOL-ÝÖRELGESIDIR

2024-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýaşlarda kitaba bolan söýgini ösdürmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady bilen Ýaşlar syýasaty boýunça jogapkäriň guramagynda “Gahryman Arkadagymyzyň eserleri – ýaşlaryň ýol-ýörelgesidir” atly okuw maslahaty geçirildi.

Professor mugallymlardyr talyp ýaşlarymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” kitabyň terbiýeçilik ähmiýeti, “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” kitaby, “Döwlet guşy” kitabynyň watançylyk ähmiýeti, “Älem içre at gezer” kitabyň taryhy many-mazmuny, “Ak şäherim Aşgabat” atly temalarda çykyşlary okuw maslahata gatnaşyjylaryň ata Watanymyza söýgini, millilige bolan hormatyny has hem artdyrdy.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Gahryman Prezidentimize ýaşlara bildirilýän uly ynam, döredilip berilýän amatly şertler üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar