ENÄ TAGZYM — MUKADDESLIGE TAGZYM
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda çykaran PB-713 belgili buýrugyna laýyklykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” kararyna laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda zähmet çekýän zenan mugallymlaryna hem-de talyp gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Aýdym-saza beslenip geçirilen baýramçylyk dabarasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Okuw işleri boýunça prorektory Meýlis Babaýew, Institutyň Kärdeşler arkalaşygy komitetiniň başlygy Ilaman Myradow gutlag sözi bilen çykyş etdiler.