img

TALYP GÖZELI – 2024

Ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň merkezi Geňeşiniň yglan eden “Talyp gözeli-2024” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi.

Talyp gözeller bäsleşigiň şertine laýyklykda “Pähim-paýhas ummany- Magtymguly Pyragy” ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek, Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli unaş kesmek, “Hünärim bar-hormatym bar” şertinde bolsa, zehinlerini, ussatlyklaryny we ukyplaryny keşde çekmek arkaly görkezdiler.

Aýdym-saza beslenip, çekeleşikli geçen bäsleşikde Inžener-mehanika fakultetiniň Elektrik üpjünçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talyby Gülruh Hallymyradowa ýeňiji boldy. Baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp gözellere hormat hatlary, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar