img

ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY – ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-Paýhas Ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň 29-njy fewralynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Institutymyzyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Orazberdi Çaryýewiň alyp barmagynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri, polisiýanyň maýory Guwanç Weliýew, polisiýanyň podpolkownigi Nepesgylyç Halymow, polisiýanyň maýory Juma Pygyýew, Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazynyň kömekçisi Şirin Aşyrowa, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy Hanaly Baýramow, Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyrjysy, Geňeşiň başlygy Parahat Kakajaýew, Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň lukmany Şemşat Arabowa çagyryldy.

Duşuşyk ýaşlarymyzyň hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek hem-de internet ulgamyny okuw maksatly ulanmak we kanunlary talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen geçirildi.

Habarlaşmak üçin maglumatlar