img

PÄHIM-PAÝHAS UMMANY - MAGTYMGULY PYRAGY

Ýakynda Türkmen döwlet binagärlik institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda «Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy» atly yglan eden döredijilik festiwalyny geçirildi.

Döredijilik festiwaly Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi monolog, Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly, çeper okamak, halk aýdymyny ýerine ýetirmek, bir wakany sahnalaşdyrmak, «Pyragynyň waspy ýaşlaň dilinde» ýaş şahyrlaryň öz goşgusyny çeper okamak, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wasp edýän edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirmek şertleri bilen geçirildi. Institutymyzyň ýaşlary festiwalyň şertleri boýunça başarnyklaryny mynasyp görkezdiler.

Has ýokary netijeli hasaplanylan çykyşlar 2024-nji ýylyň 15-20-nji marty aralygynda döwlet derejesinde geçiriljek döredijilik festiwalynda gatnaşar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar