img

ZEMINIŇ GÖZELLIGI-ZENANLAR

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zeminiň gözelligi-zenanlar” ady bilen aýdym sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Şeýle ajaýyp zamanamyzda mährem enelerimiziň, zenanlarymyzyň, gelin gyzlarymyzyň abraýy, sarpasy, mertebesi has belende galýar. Sebäbi ene, zenan diýen sözde ynsan ruhyna, kalbyna teselli berýän gudrat bolup, ol dünýä gözelliginiň gözbaşynda durýar. Mukaddes desterhana deňelýän Enelerimizi, zenanlarmyzy hormatlap, her ýylyň 8-nji martynda Halkara zenanlar güni bellenip geçilýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Karary bilen gelin-gyzlara Halkara baýramçylyk mynasybetli pul sowgatlary berilýär.

Geçirilen baýramçylyk dabarasynyň dowamynda mähriban enelerimize, ähli gelin-gyzlarymyza çuňňur sylag-sarpa goýmak halkymyzyň müňýyllyklaryndan gözbaş alyp gaýdýan durmuş ýörelgelerini, mähirli, mylaýym, halal, päkize, zenanlarymyzy wasp edýän çykyşlar belentden ýaňlandy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar