img

HALKARA GATNAŞYK

Häzirki wagtda durnukly ösüş maksatnamasynyň çäginde (“ekologiýa” ugry boýunça), Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary üçin Kazan Milli Gözleg Tehnologiýa Uniwersitetiniň “Ekologiki inženerçilik” kafedrasynyň professor-mugallymlary tarapyndan birnäçe umumy okuw sapaklary guraldy. Leksiýalar hapa suwlary arassalamak, arassalamagyň usullary we görnüşleri, daşky gurşawyň döwlet gözegçiligi, daşky gurşawy dolandyrmagyň ykdysady we ekologiýa taraplary, atmosfera howasyna täsiriň derejesini azaltmagyň ýollary ýaly häzirki daşky gurşaw meselelerine bagyşlandy. Durnukly ösüş düşünjesini durmuşa geçirmek üçin bu okuwlar daşky gurşaw baradaky bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, ylmy çärelere uly gyzyklanma döretmäge, tehnosfera howpsuzlygy babatynda ýokary bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we daşky gurşawy goramak ugurda progressiw hünärmenleri taýýarlamaga kömek edýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar