img

“GÖZEL BARDYR, GÖZELLERDEN ZYÝADA”

Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen “Talyp gözeli – 2024” atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşikde deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolup, onuň jemleýji tapgyryna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Gülruh Hallymyradowa gatnaşdy.

img

Talyp gözelleriň 23-si 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle-de özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny aýdymdyr goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen açyp görkezdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndan ugur alyp, talyp gözeller türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.

Talyp gyzlaryň 23-siniň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Gülruh Hallymyradowa ikinji orna mynasyp bolmagy başardy. «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan talyp gyzlara guramaçylar tarapyndan Diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar