img

HORMAT GOÝÝAS PÄK RUHUNYŇ BAÝRAMYNA-TOÝUNA, TAGZYM EDÝÄS ZER ÝALKYMLY PIKIRINE-KÜÝÜNE

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrylmagy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty Parahat Orazmuhammedowiç Orazow 2024-nji ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagyna buýsançly söz sözlemek bilen hoşallyk maslahatyny açdy. Maslahat turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslendi. Aýdym-saza beslenen maslahatda institutyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Amangeldi Orazow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen edebiýaty we edebi gatnaşyklar bölüminiň müdiri filologiýa ylymlarynyň kandidaty Çary Kulyýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Türkmen edebiýaty” kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Türkmen edebiýaty” kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Araznepes Mämmetjumaýew şanly ýylymyzyň ady, Magtymguly atamyz barada täsirli çykyş etdiler. Talyplarymyzyň aýdymdyr sazlary, okap beren goşgulary hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylaryň şatlygyny goşalandyrdy.

Maslahatyň ahyrynda işlemäge, okamaga, ajaýyp döwürde ýaşamaga döredilýän şertler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Gahryman Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar