img

DILLER – DOSTLUK KÖPRÜSI

20-nji dekabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” we “Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň “Diller dostluk köprüsi” atly biraýlygynyň jemleýji dabaraly konserti geçirildi.

Dabaranyň çäginde biraýlygyň dowamynda geçirilen dürli bäsleşiklerde, maslahatlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplary diplomlar we hormat hatlary bilen sylaglandylar:

Yslam Saryjaýew - “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň 3-nji ýyl talyby – I orun we II orun

Diýar Bazarow - “Metallary basyş bilen işläp taýýarlamak” hünäriniň 2-nji ýyl talyby – I orun

Resul Sahatow - “Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy” hünäriniň 4-nji ýyl talyby – I orun

Emir Muhammetgulyýew - “Şäher gurluşygy” hünäriniň 5-nji ýyl talyby –II orun

Mekan Ataýew - “Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek” hünäriniň 4-nji ýyl talyby – II orun

Abdylla Nazarow - “Binagärlik” hünäriniň 2-nji ýyl talyby – III orun

Emir Akgaýew - “Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy” taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby – Hormat haty

Serdar Mämmetsähetow - “Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary” taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby – Hormat haty

“Dilleri öwretmegiň döwrebap we netijeli usullary” atly okuw-usuly maslahatynda üstünlikli çykyş eden “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Kümüş Allabaýewa hem-de baýrakly orunlara eýe bolan talyplara ylmy ýolbaşçylyk eden “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Baýramtäç Oraztaganowa Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Dünýä dillerinde ýerine ýetirilen aýdym-sazlar hem-de milli tanslar dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirler galdyrdy. Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda özleri üçin döredilýän giň mümkinçlikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar