img

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

20-nji fewralda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, gelin-gyzlarymyzda türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň arasynda maslahatdyr duşuşyklar we wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Turuwbaşdan aýdym-saza beslenen duşuşykda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarowyň, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Şäher Täjowyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Läle Aşyrowanyň, Institutymyzyň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy Babajan Bekmurzaýewiň aýdyp beren aýdymlary, beren täsirli gürrüňleri duşuşyga gatnaşyjylarda Gündogaryň beýik Akyldaryna, milli edep-kadalarymyza buýsanjy has hem artdyrdy.

Dabarada çykyş edenler ýaşlarymyza okamak, işlemek, abadan durmuşda ýaşamak üçin döredip berýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar