PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
21-nji fewralda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, gelin-gyzlarymyzda türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy Serdar Durdyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedow, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurorunyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist Saparmyrat Güjükbaýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň işjeň agzasy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň 112-nji orta mekdebiniň mugallymy, Halk maslahatynyň agzasy Tirkiş Annamyradow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy Hanaly Baýramow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň baş hünärmeni Ýunus Ýazgylyjow, Aşgabat şäher saglygy goraýyş müdirliginiň 5-nji saglyk öýüniň lukmany Eneş Rejepowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Dünýä Güljanowa täsirli çykyş etdiler.
Täsirli çykyşlar duşuşyga gatnaşyjylarda Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, gelin-gyzlarymyzda türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek baradaky garaýyşlaryna bolan hormaty has hem artdyrdy.