img

NUSGALYK OKUW SAPAKLARY

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hereket edýän ähli kafedralaryň mugallymlarynyň sapaklaryna gatnaşmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, özara pikir alyşmak maksady bilen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” jemlerine bagyşlanan “Ongünlügiň” çäklerinde institutyň tejribeli professor-mugallymlary tarapyndan 2023-nji ýylyň 13-23-nji dekabry aralygynda Okuw sapaklarynyň tertibi esasynda okuw derslerinden nusgalyk okuw sapaklary guraldy.

Guralýan nusgalyk okuw sapaklaryna tehniki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny, gyzyklanma bildirýän mugallymlaryny tejribe toplamak maksady bilen, sanly ulgam arkaly gatnaşýarlar.

Nusgalyk okuw sapaklary Hormatly Prezidentimiziň ylmy, bilim berlişini düýpli gowulandyrmak hakyndaky Permanlarydyr Kararlaryny durmuşa ornaşdyrmakda, şeýle hem bu ulgamda amala aşyrylan özgerişliklere laýyklykda talyplara iň täze usullaryň we serişdeleriň üsti bilen çuň bilim hem-de döwrebap terbiýe bermekde, bilim edaralarynyň arabaglanyşygyny has-da ösdürmekde, özara tejribe alyşmakda örän ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar