
Italýan dizaýny
2024-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Italiýa Respublikasynyň wekiliýeti kabul edildi.
Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan "Italýan dizaýny" atly hepdeliginiň çäklerinde meýilleşdirilen “Gymmatlyklary öndürmek – inklýuziwlyk (öz içine almak), innowasiýa we durnuklylyk” temasy boýunça Arhitektor Andrea Kaputonyň okuw sapagy guraldy. Okuw sapaga professor- mugallymlar we binagärlik ugrundan okaýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Myhmanlar baş binanyň foýesinde Institutda ýetilen sepgitler boýunça guralan sergi bilen tanyşdyryldy. Talyp ýaşlarymyz myhmanlaryň öňünde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan iňlis we italýan dillerinde ýerine ýetirdiler.