SUW DAMJASY – ALTYN DÄNESI
Dünýä ýüzünde suw ýetmezçiliginiň has-da artmagy we howanyň derejesiniň düýpli üýtgemegi netijesinde suw baýlyklaryny netijeli ulanmak esasy meseleleriň biri bolup durýar. Türkmenistan üçin hem suw resurslaryny tygşytly peýdalanmak wajyp meseledir. Häzirki wagtda suw baýlyklarynyň azalýan şertlerinde institutda hem bu meselelere uly üns berilýär. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlary okuwdan daşary dürli ýerlerde çöl ösümliklerini, gyrymsy agaçlary köpeltmek barada hem uly işleri alyp barýarlar. Çöl ösümliklerinden sazak, çerkez, gandym, çogan, ýowşan, boýalyç, selin we başgada birnäçe ösümlikleri ekip olara ideg edýärler. Netijede çöl ösümlikleri suwy az talap edip, yssa çydamly bolýar. Biziň dünýämiz, onuň täsin ösümlik dünýäsi ählimiziň gymmatly mirasymyzdyr, baýlygymyzdyr, buýsanjymyzdyr. Bu gymmatly baýlyklary gorap saklamak, rejeli peýdalanmak, ýer şarymyzyň täsin gözelligini asyl durkunda geljekki nesillere miras galdyrmak biziň — şu günki nesillerimiziň mukaddes borjudyr.