img

DÖWLET BÄSLEŞIGI

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ylmy-bilimlere bolan höwesini artdyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, talyplaryň özbaşdak işlemek ukyplaryny ösdürmek hem-de ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagyň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen 2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça guraýan Döwlet bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşik 2023-nji ýylyň 14-nji, 15-nji we 16-njy dekabry günleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň sanly bilim ulgamyna ornaşdyrylan programma üpjünçiligi arkaly Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda guraldy.

Döwlet bäsleşigine ýokary okuw mekdeplerinden bir müňden gowrak talyp gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri golaý wagtda yglan ediler.

Şunuň ýaly bäsleşikler Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we ýaş türkmenistanlylary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak dogrusynda berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde oňyn netijesini berýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar