BITARAPLYK – PARAHATLYK BAÝDAGYM
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni uly zähmet ýeňişlerine, şanly toý- baýramlaryna beslenýär. Arkadagly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, öňdengörüjilikli syýasaty bilen döwletimiz Bitarap ýurt hökmünde ylalaşdyryjylyk başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde tanalýar. Bitaraplyk - bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan netijeli, deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy üçin hemişe açykdyr. Ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň, dünýäniň köp döwletleri we abraýly halklara guramalary bilen ýola goýýan gatnaşyklarymyzyň ynsanperwerlik we dostluk häsiýetine eýe bolýandygy bizi örän buýsandyrýar.
Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir milletimiziň adyny, şöhrat-mertebesini dünýä ýaýýan gymmatlykdyr - diýen jümlelerden ugur alyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Bitaraplygyň şanly 27 ýyllygyna bagyşlap “Bitaraplyk- parahatlyk baýdagym, Erkin Watan – soňlanmajak aýdymym” ady bilen aýdym sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabaranyň dowamynda institutyň çeper höwesjeň talyplarynyň guramagynda edebi-çeper kompozisiýa, çeper okaýyş ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Talyp ýaşlar okamaga, öwrenmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, alkyş sözlerini aýtdylar. Türkmen halkyny uly ynam bilen öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolup, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.