Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin amaly ylymlar Beuth uniwersitetiniň professory Boris Resnigiň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndaky çykyşy
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin amaly ylymlar Beuth uniwersitetiniň professory Boris Resnik 2022-nji ýylyň 10-11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde geçirýän “Saglyk, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi hem-de ylmy maslahatda “Inžener desgalarynyň monitoringini geçirmegiň yrgyldyly usuly” atly tema boýunça çykyş etdi.
2015-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Hormatly Prezidentimiziň görkezmesi boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Berlin amaly ylymlar Beuth uniwersitetiniň arasynda ozara hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyk baglanyşyldy we hyzmatdaşlyk häzirki wagtda dowam etdirilýär.
Şol Ylalaşygyň esasynda bu gün germaniýaly professor Boris Resnik Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary bilen duşuşyk geçirdi we Beuth uniwersiteti barada hem giňişleýin gürrüň berdi. Duşuşygyň dowamynda sorag-jogap alşylmagy bu çärä has hem öwüşgin berdi.
Duşuşyga Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň talyplary we professor mugallymlary onlaýn görnüşde gatnaşdylar.
Bu duşuşygyň çäklerinde gelejekde ylym-bilim ugrunda bilelikde alnyp barmaly çäreleriň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.