“Magtymguly türkmeniň ruhy dünýäsiniň, medeniýetiniň, milli gymmatlyklarynyň genji hazynasydyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “MAGTYMGULY TÜRKMENIŇ RUHY DÜNÝÄSINIŇ, MEDENIÝETINIŇ, MILLI GYMMATLYKLARYNYŇ GENJI HAZYNASYDYR” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat umumy mejlisde we degişli okuw binalarynda “Türkmen medeniýeti türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň mizemez sütünidir”, “Magtymguly – Älemiň çyragy”, “Beýik ykbalyň baýramy” atly 3 bölümde öz işini dowam etdi. Maslahatda türkmeniň beýik söz ussady Magtymguly Pyragy we onuň şygryýet dünýäsiniň giňligi hem-de türkmen medeniýetiniň taryhy kökleri we biziň şu günümize gelip ýetmegi barada giňişleýin çykyşlar gurnaldy. Magtymguly Pyragy özüniň giň many-mazmuna eýe bolan döredijiligi bilen diňe bir türkmen halkynyň taryhynda däl eýsem bütindünýä ýüzünde öçmejek yz goýan beýik şahsyýetdir. Dana Pyragy özüniň goşgularynda diňe bir ugurdan ýa-da taryhdan däl eýsem halkyň ykbaly, geljegi, bagtyýar ýaşaýşy we asuda durmuşy barada birnäçe pikirleri öňe sürýär. Maslahatyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň dürli ugurlarynda söz açylyp, olardaky ylmy garaýyşlar, syrly setirler we başgada birnäçe ugurlardan çykyşlar diňlenildi. “Bu türkmeniň goşa-goşa täji bar”, “Biri Magtymguly biri goşa tar” diýen goşgy setirlerinden hem görnüşi ýaly türkmen medeniýetini Pyragynyň şygryýetinden gaýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe aýratyn orun berlip, daşary döwletlerde Türkmenistanyň medeniýet günleri, ýurdumyzda medeniýet hepdeligi eýýäm birnäçe ýyl bäri geçirilýär. Maslahatda we onuň bölümçelerinde gurnalan çykyşlardan hem görnüşi ýaly häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet we sungat düşünjesine aýratyn orun berilýär. Bu işiň oňyn netijeleri halkymyzyň ruhy, maddy we medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýän hem-de medeniýet ulgamynyň esasy düzüm bölegi bolan kitaphanalaryň, muzeýleriň, medeniýet öýleriniň döredilip berilmeginde aýdyň görünýär.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň bagtyýar, abadan geljegi üçin uly işleri alyp barýan, goşa-goşadan gelýän baýramlarymyzy milli äheňde ählihalk derejesinde bellemäge çäksiz mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyklaryny beýan etdiler.