img

Talyp ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde gurnamaklarynda ýaşlaryň arasynda kanunylygy we hukuk tertibini, hususan-da ýaramaz endiklerden daşda durmak, ýagny alkogolly içgileri, neşe serişdeleri, psihotrop, temmäki we beýleki zäherleýji maddalary ulanmaga garşy alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, kanun bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyp çykyş edenler, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda talyp ýaşlaryň institutyň çäginden daşarda we içerde kanunylygy we hukuk tertibini berjaý etmelidikleri, hususan-da ýaramaz endiklerden daşda durmaklary, ýagny alkogolly içgileri, neşe serişdeleri, psihotrop, temmäki we beýleki zäherleýji maddalary ulanmazlyklary, ýüze çykýan ýagdaýyň, ilatyň saglygyna ýaramaz täsir edýän jenaýatçylykly işlerden daşda durup has-da hüşgär bolmaklary, awtoulagy dolandyrmazlyklary, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý etmelidikleri, şeýle hem bellenen tertip düzgüniň bozulmagynyň nähili agyr netijelere getirip biljekdigi dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler hem-de talyp ýaşlara döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öz saýlap alan hünärleriniň ussat eýeleri bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler. Talyp ýaşlar hem öz nobatlarynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygyny gurnaýjylara öz minnetdarlyklaryny bildirdiler we halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, ýurdumyza gerekli ýaşlar bolup ýetişjekdiklerini buýsanç bilen beýan etdiler.

Terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyp çykyş edenler, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirmek babatynda ýurdumyzda tutumly işleriň alnyp barylýandygyny bellemek bilen, Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar