Ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlarynda energiýa tygşytlylygynyň barlagyny geçirmek” atly tema boýunça okuw maslahaty geçirildi
2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli BMG-niň Türkmenistandaky utgaşdyryjysynyň wekilleriniň guramagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlaryna we talyp ýaşlaryna “Ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlarynda energiýa tygşytlylygynyň barlagyny geçirmek” atly tema boýunça okuw maslahaty geçirdi.
Bu okuw maslahatynyň barşynda ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlarynda energiýany tygşytly ulanmagyň usullary, ulanylýan innowasion materiallar, materiallary ulanmagyň usullary barada halkara derejesinde we Türkmenistanda alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Häzirki wagtda, ýurdumyzdaky gurulýan ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlarynda energiýany tygşytly ulanmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamak işleri batly depginde dowam etdirilýär we geljekde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Bu alnyp barylýan işlere Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary öz goşantlaryny goşarlar.