img

Ähmiýetli duşuşyk

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 29-njy oktýabrynda Nebit gaz senagaty toplumynyň Medeni işewürlik merkezinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda talyp ýaşlarymyza milli ruhumyza laýyklykda edep-terbiýe bermekde hem-de olarda watançylyk duýgusyny ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan gözbaş alan atalyk kitaplarynyň tutýan orny babatynda “Watansöýüjilik ýörelgeleri nesiller üçin mukaddesdir” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň halk ýazyjysy D.Annamyradow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri A.Rejebow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy G.Annamuhammedowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, žurnalist B.Annabaýewa, mugallymalar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda kitaba uly hormat goýýan ýaşlaryň okamak bilen bilim derejelerini artdyryp, Watana, il-güne peýdaly adamlar bolup ýetişmelidikleri barada söhbet açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly eserleriniň halkymyz, ýaş nesil üçin ýol-ýörelgedigi hem-de pähim-paýhasy, edep-terbiýäni, görüm-göreldäni berýändigi, bu kitaplary okaýan ýaşlary göreniňde, ýagty geljege bolan ynamyň has-da artýandygy barada aýdyldy. Arkadagymyzyň kitaplarynyň ýiti zehinliligi, paýhaslylygy, parasatlylygy, adalatlylygy, dost-doganlyga goýýan belent sarpany ündeýändigi aýdyňdyr.

Talyp ýaşlar hem öz gezeginde bize çeperçilik taýdan baý, ykdysady–syýasy ähmiýetli, ylmy taýdan zerur, gymmatly kitaplary peşgeş bermek bilen, her ynsanyň göwün guşuny al-asmana göterýän, kitaba uly sarpa, hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza öz egsilmez sagbolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmaklaryny arzuwladylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar