Zehinli ýaşlar bäsleşdiler
2022-nji ýylyň 16-17-nji noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili karary bilen tassyklanan“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” hem-de ony durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly talyplara sanly ähmiýetli meseleleri çözmäge gyzyklanma döretmek, özbaşdak pikirlenmegi öwretmek, başarjaň, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Kompýuter grafikasy”, “Himiýa” dersleri boýunça Internet olimpiadasy geçirildi.
“Kompýuter grafikasy” dersi boýunça geçirilen olimpiadada jemi 6 sany I orun, 11 sany II orun, 18 sany III orun, 10 sany höweslendiriji baýraga eýe boldular. “Himiýa” dersi boýunça geçirilen olimpiadada 7 sany I orun, 12 sany II orun, 19 sany III orun, 10 sany höweslendiriji baýragy gazanmaklary başardylar we talyplaryň bu alan orunlaryna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan ýörite diplomlar bilen sylaglanyldy.