img

Institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara sergä we ylmy maslahata işjeň gatnaşdylar

“Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we onuň çäklerinde ylmy maslahatynyň geçirilmegi ýene-de bir gezek lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygynyň şeýle hem ýaş nesliň ylymly-bilimli sagdyn ruhda terbiýelenmegi ugrunda çäksiz işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Bu halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň daşary ýurtly myhmanlaryň köp sanlysyny ýygnamagy bolsa diýarymyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň has-da belende galýandygyna şaýatlyk edýär. Halkyň Arkadagly zamanasy atly ýylynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmegi we dünýä dolmagy hakynda hormatly Prezidentimiz yzygiderli alada edýär. Şu esasda hem bilime zehinli ýaşlary çekmek, olaryň başarnyklaryny doly açmak, döredijilik gözleglerini höweslendirmek işleriniň amala aşyrylmagy esasan hem olaryň sport bilen giňden meşgullanmaklary üçin zerur şertleri döredilýär. Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň kuwwaty we gülläp ösmegi ilkinji nobatda bilimiň we tehnologiýanyň ösüşi, milletiň intellektual derejesi bilen kesgitlenýär. Bilim- aňyň, paýhasyň, sazlaşygyndan emele gelýän jemgyýeti öňe alyp gidýän güýçdir. Halkara sergä we ylmy maslahata biziň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzyň mugallymlary we talyp ýaşlary hem gatnaşdy.

img

Ýeri gelende aýtsak institutymyzyň sergi pawiliony özüniň döwrebap binagärlik-dizaýn aýratynlygy bilen sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Ýokary okuw mekdebimiz tarapyndan hem öz gezeginde gurluşyk we binagärlik ulgamyna degişli döwrebap gurluşyk enjamlary we taslama işleri, institutymyzda hereket edýän Tehnologiýalaryň transfer merkezinde, ylmy-barlag we binagärlik-dizaýn taslama gurnaklarynda ýerine ýetirilen ylmy-taslama işleri, uly we kiçi göwrümli maket-taslama işleri, gurluşyk ulgamy bilen bagly robototehnikalar giňden açylyp görkezildi. Talyp ýaşlar daşary ýurtly myhmanlarymyza hem sergä tomaşa etmäge gelen raýatlarymyza özleriniň ýerine ýetiren ylmy-taslama işleri barada giňişleýin dürli dillerde gürrüň berdiler. Gurluşyk ulgamy bilen bagly dürli ugurdan myhmanlary gyzyklandyrýan soraglara talyp ýaşlaryň ussatlyk bilen jogap bermegi olaryň bu ugurdan toplan oňyn tejribesinden habar berýär. Ekranlarda sanly ulgam arkaly institutymyzda ýerine ýetirilen ylmy-taslamalaryň görkezilmegi sergi pawilionyna syn edýänleriň ünsüni has-da özüne çekdi. Halkara serginiň we onuň çäklerindäki maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize döredip berýän çäksiz mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar