Wagyz-ündew çäresi geçirildi
2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 13-ne Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň wekilleriniň gatnaşmagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlygyny ýokarlandyrmak, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň öňüni almaga, milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-ündew çäresi geçirildi. Bu geçirilen çärä institutyň mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Wagyz-ündew çäresinde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen jemgyýetinde milli ruhda terbiýelenen ýaşlary kemala getirmek, olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil, ruhubelent, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan işler, ýaş nesliň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki borçlary, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmetsöýerlik, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, halallyk barada nygtap geçdiler. Şeýle hem çykyş edenler talyplara döwletimizde adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny we saglygyny goramak, bagtyýar durmuşy, asuda jemgyýeti, jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek, ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik tertip-düzgünini we köçe-ýol hereketiniň kadalaryny, ahlak ýörelgelerini berjaý etmek, kanun bozulmalaryň, jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak, ýaramaz endiklerden daşda durmak, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna we milli ýörelgelerine eýermek, Internetden maksatlaýyn peýdalanmak, her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” bir aýlygyň ähmiýeti bilen baglanyşykly öwüt-ündewleri berdiler.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilen wagyz-ündew çäräniň ahyrynda ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary çärä gatnaşyp, eden täsirli çykyşlary üçin myhmanlara hoşallyklaryny bildirdiler. Ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde berkarar Watanymyzda alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän özgertmeler üçin Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.