Eneleriň göreldesi-nesilleriň ýörelgesi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny, milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek hem-de ösdürmek, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, zähmetsöýerlik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Eneleriň göreldesi-nesilleriň ýörelgesi” ady bilen talyp gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Türkmen halk döredijiliginiň birnäçe eserlerinden belli bolşy ýaly gyz-gelinleriň üme üýşmeleňlerinde kä halatlarda obanyň hormatlanýan ýaşuly zenanlary hem gatnaşypdyrlar. Olar ýaş gyzlara maşgala keşiginiň birnäçe inçe syrlary barada dürli maslahatlary beripdirler. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlarynda ümä gelen gyz-gelinler gyzyň bukjasyny taýynlaýarkalar öz aralarynda dürli degişmedir, ýomak atyşmaklyga başlaýarlar. Bu ýagdaýlar has hem gelinlerden başlanýar. Olar durmuşa çykjak gyzyň barjak ýigidi barada dürli mysallaryň üsti bilen degişip, ýomak atyşýarlar.
Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşan myhmanlar we institutymyzyň mugallymlary Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda zenanlara goýulýan belent sarpa, maşgala mukaddesligi, edep-terbiýe, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyz hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda institutyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, öýlerimiziň bezegi bolan zenanlarymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy, bu aýdymlar dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli Liderimize berk jan saglyk, alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.