Okuw sapagy
28-nji oktýabrda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi. Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän foruma ýurdumyza gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü hem gatnaşdy.
Bu okuw sapagyna taýýarlyk meselesi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatyna düýn amala aşyran iş saparynyň barşynda içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol ýerde Gahryman Arkadagymyz Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi bilen söhbetdeş boldy.
Ginnesiň rekordlar kitabyna Türkmenistanyň birnäçe özboluşly milli desgalarynyň we gazananlarynyň, ýurdumyzda geçirilen çäreleriň girizilendigini bellemek gerek. 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagy şol çäreleriň hataryndadyr. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň, onuň üstünlikleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Okuw sapagy tamamlanandan soňra, diňleýjilere — hünärmenlere alan nazaryýet bilimlerini tejribede ulanmak mümkinçiligi döredildi. Olar üzüm nahallaryny ekmäge gatnaşdylar. Şeýlelikde, bu ýerde üzümiň “gara kişmiş” görnüşiniň 500-den gowrak düýbünden ybarat üzümçiligiň düýbi tutuldy. Munuň özi açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle giň gerimli okuw sapagynyň ajaýyp jemlenmesi boldy. Bu çäräni Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmegi teklip etmek meýilleşdirilýär.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary hem bu okuw sapagyna işjeň gatnaşdylar.