Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda döredijilik festiwaly geçirildi
2022-nji ýylyň 27-nji maýynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan eden “Talyp joşguny – 2022” atly döredijilik festiwalynyň deslapky tapgyry Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda guramaçylykly geçirildi.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň joşgunly owazyny wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda “Talyp joşguny – 2022” atly döredijilik festiwalyny yglan etdi.
Festiwal şu aşakdaky ugurlar boýunça şertlendirildi:
1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly bilen bagly edebi-çeper kompozisiýa (talyplar islegine görä daşary ýurt dillerinde çykyş edip bilerler);
2. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, ata Watanymyzy wasp edýän aýdym;
3. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde aýdyşyk aýdymy;
4. Talyplar toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymy;
5. Talyplar toparyndan düzülen orkestriň milli we nusgawy saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde sazly çykyş;
6. Talyp durmuşyndan degişme sahnasy;
7. Halk döredijiliginiň eserlerinden parçany ýerine ýetirmek;
8. Şygyrlary çeper okaýyş;
9. Meşhur awtorlar tarapyndan döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek;
10. Taryhda yz galdyran şahsyýetlerimiziň keşbini çeper ussatlyk bilen teatrlaşdyrylan sahna oýny;
11. Saz astynda tansly çykyş.
Bu döredijilik festiwalynyň dowamynda “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň ýazgy etmeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar, sazlar hem ýaňlandy. Şeýle hem, çykyşlarda 2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny öwrenmäge, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmaga, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredilen mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy.