img

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2021/2022-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli gutardyş uçurymlarynyň “Soňky jaň” dabarasy geçirildi

2022-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2021/2022-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli gutardyş uçurymlarynyň “Soňky jaň” dabarasy guramaçylykly geçirildi. Bu baýramçylyk dabarasyna institutyň professor-mugallymlary, uçurym talyplary we olaryň ene-atalary, dogan-garyndaşlary, hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlanan dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli bilim ulgamyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek boýunça we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan döwrebap hünärmenler, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp, sport bäsleşiklerinde yzygiderli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan, ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän medeni-köpçülik çärelerine hem-de ýokary okuw mekdepleriň arasynda geçirilýän ders we internet olimpiadalarynda işjeň gatnaşandygy, okuw dersleri çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenip diňe tapawutly bahalar bilen okandygy üçin Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uçurym talyplary hormat haty we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Ähli zehinlerini, bilimlerini mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjak uçurym talyp ýaşlara we baýramçylyk dabarasynyň hormatly myhmanlary üçin Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň we “Bagtyýarlyk binasy” tans toparynyň çykyş etmeklerinde şirin owazly aýdym sazlar, ajaýyp tanslar ýerine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiziň “Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr” diýip belleýşi ýaly, ýaşlar barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär.

Aýdym sazly baýramçylyk dabaranyň dowamynda uçrym talyp ýaşlaryň we olaryň ene-atalarynyň, dabara gatnaşýan myhmanlaryň ýürek buýsançlary we gutlag sözleri, şeýle hem uçurym talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde çeper okaýyşly çykyşlar ýerine ýetirildi. Çykyşlarda, ata Watanymyza, mähriban halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, okamaga, öwrenmäge, ylym-bilim almaga, halal zähmet çekmäge höwesli bagtyýar ýaşlary kemala getirmekde, diýarymyzyň abraý mertebesini has-da belende götermekde taýsyz tagallalary edýän, güneşli ülkämizde halkymyzyň abadan, asuda, parahat, bol-elin durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edip, hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar